TNGIZT sarp edijilere 4 million tonnadan gowrak nebit önümlerini iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT sarp edijilere 4 million tonnadan gowrak nebit önümlerini iberdi
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sergide, 2022-nji ýylyň 20-21-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGZT) 2023-nji ýylda sarp edijilere 4 million tonnadan gowrak nebit önümlerini iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

“Kenar” kärhanasy TNGZT-niň nebit önümlerini saklamak we ibermek, taýýar önümler bilen içerki, hem-de daşarky sarp edijileri üznüksiz we ýokary hilli üpjün etmek hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Geçen ýyl “Kenar” kärhanasynyň üsti bilen sarp edijilere iberilen 4 million tonnadan gowrak taýýar nebit önümleriniň 2 million 760 müň tonnasy içerki sarp edijilere, takmynan 1,3 million tonnasy bolsa daşary ýurt bazarlaryna ugradyldy.

TNGZT-e gelýän nebit çig malyndan dürli kysymly awtomobil benzini, uçar kerosini we tehniki kerosin, dizel ýangyjy, mazut, motor ýaglary, polipropilen, peç ýangyç ýagy, koks, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumy, şeýle hem nebitdir nebithimiýa önümleriniň beýleki görnüşleri öndürilýär we bu önümler sebitdäki hem-de onuň daşyndaky eksport bazarlarynda ýerlenilýär.

Taýýar nebit önümleri ýüklenen gämiler we otlular deňiz hem demir ýollar bilen dünýäniň dürli ýurtlaryna, şol sanda Gruziýa, Malta, Azerbaýjan, Owganystan, Özbegistan we Täjigistan ýaly ýurtlara iberilýär.

2022