ÝHHG Baş sekretary mart aýynda sapar bilen Türkmenistana geler

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝHHG Baş sekretary mart aýynda sapar bilen Türkmenistana geler
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş edara binasy, Wena, Awstriýa. (Surat: belgium.be)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny şu ýylyň mart aýynda guramagy teklip etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu teklip Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek we giňeltmek maksady bilen beýan edildi.

Şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde terrorçylyga garşy alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmak, bu düzümiň çäklerinde hereket edýän Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça komitetiň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň aprelinde assambleýanyň wise-prezidenti we komitetiň başlygynyň Türkmenistana saparyny guramak teklibi öňe sürüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki meselelere garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022