Türkmenistanyň ýygyndy toparlary Fransiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ýygyndy toparlary Fransiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar
Pariž, Fransiýa (Surat: Eurosport)

Türkmenistanyň ýygyndy toparlary şu ýyl Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa türkmen ýygyndy toparlaryny bu oýunlara taýýarlamak boýunça işleriň dowam etdirilýändigini habar berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň 2024-nji ýyl üçin taýýarlanan iş meýilnamalary barada hasabat berdi.

Iş meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahaty, 3-nji Türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem wise-premýere şu ýylyň mart aýynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçiriljek mekdep okuwçylarynyň arasyndaky matematika dersi boýunça halkara olimpiada gowy taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki meselelere garaldy.

2022