Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara maslahat geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara maslahat geçiriler
Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde şu ýylyň birinji ýarymynda “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde howpsuzlygy pugtalandyrmakda we ynamy berkitmekde bitarap ýurtlaryň orny” atly halkara maslahat geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde we durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplygyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen bu halkara maslahaty geçirmek boýunça teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beýan etdi.

Raşid Meredowyň habar bermegine görä, bu çärä gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekillerini çagyrmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny parlamentarileriň üsti bilen goldamak babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin şu ýylyň maý aýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň sebitleýin duşuşygyny Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ÝHHG-nyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny şu ýylyň mart aýynda guramak barada teklibini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýere meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

2022