Astanada Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar–Watanyň daýanjy” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Astanada Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar–Watanyň daýanjy” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Berdimyrat Rejepow Astana şäherindäki L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde umumy sapak bilen çykyş edýär, 2024-nji ýylyň 24-nji ýanwary, Astana, Gazagystan.

Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimyrat Rejepow Astana şäherindäki L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde umumy sapak bilen çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby bilen tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.

Umumy sapaga bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Belgiýa Patyşalygyndan we Gyrgyz Respublikasyndan talyp ýaşlar, professor-mugallymlar düzümi gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärä goňşy we uzakdaky ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri, “Astana” Diplomatiýa klubynyň wekilleri çagyryldy.

Duşuşykda ýurduň gülläp ösmegine we ýaşlara gönükdirilip durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalar hem-de durmuş-ykdysady, ylym-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler barada giňişleýin bellenip geçildi.

Çäräniň dowamynda Astana şäherinde bilim alýan türkmen talyplary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyny türkmen we rus dillerinde labyzly okadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy talyplaryň okuwdaky we sportdaky üstünlikleri bilen gyzyklandy. Öz gezeginde, talyplar hem gyzyklandyrýan soraglaryny türkmen ilçisinden soramaga mümkinçilik aldylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022