Türkmenabat şäherinde 36 sany täze kottej jaýy ulanmaga berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabat şäherinde 36 sany täze kottej jaýy ulanmaga berildi
Täze 36 sany kottej jaýynyň açylyş dabarasy, Türkmenabat şäheri, Türkmenistan.

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenabat şäheriniň prokuraturasynyň, kazyýetiniň we polisiýa bölüminiň işgärlerine 36 sany täze kottej jaýynyň açarlary gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Alty otagdan ybarat bolan her bir jaýyň meýdany 260 inedördül metrden gowrak bolup, bu ýerde goşmaça otaglar we gök önüm ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenilen meýdança bardyr.

Bu döwrebap kottejler Türkmenabat şäherindäki we Zergerdäki “Demirbetonönümleri” kärhanalarynyň, “Demirbetonönümlerikonstruksiýasy” zawodynyň we “Bagtyýar zamana” hojalyk jemgyýetiniň işçi hünärmenleri tarapyndan gurduldy.

Şeýle hem Türkmenabat şäherinde kazyýet, prokuratura we polisiýa işgärleri üçin niýetlenilen her biri dört gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsi açylyp ulanmaga berildi.

Bu ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy Türkmenabat şäherindäki “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň we “Ykjam diwar” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy.

Bulardan başga-da, şu ýylyň 25-nji ýanwarynda Mary şäheriniň Mülkbagşy ýaşaýyş jaý toplumynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärlerine niýetlenen 42 sany kottej jaýy açylyp ulanylmaga berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022