Aşgabatdaky “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň durky täzelener

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatdaky “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň durky täzelener
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähi, Aşgabat şäheri, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň paýtagty Aşgabat şäherindäki “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň durkuny täzelemek boýunça görülýän çäreler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň tutýan umumy meýdany 50 gektara barabardyr.

Hasabata görä, seýilgähiň durkuny täzelemek işleriniň çäklerinde bu ýerde ýerüsti pyýada geçelgeleriň ikisini, welosiped ýodalaryny, dynç alyş bassyrmalaryny, suw howuzlaryny, bassyrmaly awtoduralgalary gurmak hem-de döwrebap yşyklandyryş sütünlerini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Baýmyrat Annamämmedow seýilgähiň çäginde ýaşyl zolaklaryň döredilmeginiň, abadanlaşdyrmak işleriniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Aşgabatdaky “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähini döwrebap ýagdaýa getirmegiň, bu bag-bossanly künjekde paýtagtyň ýaşaýjylary üçin ähli şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belläp, onuň Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbine laýyk gelmelidigini nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.

2022