Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň “Andalyp” daýhan birleşigine iň täze enjam, ýagny topragy lazer bilen tekizleýji gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
FAO bilen Global daşky gurşaw gaznasynyň (Global Environment Facility) “Merkezi Aziýada we Türkiýede guraklaşýan hem şorlaşýan oba hojalygy meýdanlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak (CACILM-2/ISSAUZR-2)” atly sebitleýin taslamasynyň çäginde tebigy baýlyklara täsirli çemeleşmegi we howa şertlerine iň uýgun oba hojalyk tehnologiýalaryna geçişi üpjün edýän enjamlar getirilýär.
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň “Andalyp”, Merkezi Garagumdaky “Ýerbent” daýhan birleşikleri we Ahal welaýatynyň daglyk Nohur etraby Türkmenistanda CACILM-2 taslamasynyň synag hojalyklary bolup durýar.
Taslamanyň sebitleýin sazlaşdyryjysy Mahmud Şaumarowyň aýtmagyna görä, lazerli tekizleýji diňe bir suw çeşmeleriniň tygşytly ulanylmagyny üpjün etmek we hasylly topragyň zaýalanmagynyň öňüni almak bilen çäklenmän, eýsem, zähmet öndürijiligini-de ýokarlandyrýar, topragy ekişe taýýarlama wagtyny we ýangyç çykdajylaryny azaldýar.
Bu tehnologiýa ýerleri suwarmak üçin sarp edilýän suw mukdarynyň ortaça dörtden bir bölegini tygşytlamaga, suwdan peýdalanmagyň täsirini azyndan üçden bir bölegiçe artdyrmaga, topragyň şorluk derejesiniň peselmegine ýardam berýär. Mundan başga-da, ekinleriň gögerişi gyradeň bolýar, ekinleriň optimal iýmitlenmegi we suwarylmagy üpjün edilýär, haşal otlaryň ösmegi azalýar we hasyl 30-40 göterim ýokarlanýar.
CACILM-2 Sebit taslamasynyň baş maksady Merkezi Aziýada we Türkiýede oba hojalygynyň guraklaşýan hem-de şorlaşýan önümçilik ýerlerinde tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmagyň gerimini giňeltmekden ybaratdyr.