2023: “Lebapgazçykaryş” 10,9 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
2023: “Lebapgazçykaryş” 10,9 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz öndürdi
“Lebapgazçykaryş” müdirliginiň hünärmenleri abatlaýyş işlerini geçirýärler, Lebap welaýaty, Türkmenistan.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirligi boýunça 2023-nji ýylda tebigy gazyň 10,9 milliard kub metrden gowragy öndürildi. Hasabat döwründe tebigy gazyň 1 milliard kub metrden gowragy meýilnamadan artyk öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

“Lebapgazçykaryş” müdirliginiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetowyň gürrüň bermegine görä, müdürlik boýunça 2023-nji ýylda tebigy gaz öndürmek baradaky meýilnama 110,5 göterim berjaý edildi.

Hasabat döwründe “Lebapgazçykaryş” müdirliginde 39,1 müň tonnadan gowrak gaz kondensaty öndürildi.

Tamamla­nan 2023-nji ýyl­da Ma­laý — Bag­ty­ýar­lyk gaz geçirijisi arkaly tebigy gazyň 6,4 milliard kub metrden gowragy akdyryldy we degişli meýilnama 158 göterime golaý berjaý edildi.

Müdirligiň işçi hünärmenleri 2024-nji ýylda tebigy gazyň 10,3 milliard kub metrden gowragyny öndürmegi meýilleşdirýärler.

2022