Türkmen wekiliýeti Brýusselde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Brýusselde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew bilen ÝB-niň ulag boýunça komissary Adina Weleanyň arasynda geçirilen duşuşyk, Brýussel. (Surat: “Biznes Türkmenistan”)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynyň çäginde duşenbe güni birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň foruma gatnaşýan wekilleri habar berdiler.

Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň ulag boýunça komissary Adina Welean, Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Tereza Çerwinskaýa, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Bakyt Torobaýew, Latwiýa Respublikasynyň ulag ministri Kaspars Brişkens, ÝHHG-nyň ykdysady we daşky gurşaw işleri boýunça utgaşdyryjy býurosynyň orunbasary Ralf Ernst, “Royal IHC” kompaniýasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça satuw müdiri Hans Hesen, OPEC gaznasynyň Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika (MENA) boýunça sebitleýin direktory Musab Alomar we “Arterail” kompaniýasynyň wekilleri bilen aýratynlykda duşuşdy.

Ýewropa Bileleşiginiň ulag boýunça komissary Adina Welean bilen geçirilen duşuşykda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen ÝB we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag düzümleriniň wekilleriniň arasynda ulgamlaýyn esasda iş duşuşyklarynyň geçirilmegi maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar bu duşuşygy ýakyn wagtda geçirmek barada ylalaşyk gazandylar.

Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti bilen geçirilen duşuşykda Ýewropa maýa goýum banky bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkünçilikleri öwrenildi hem-de Türkmenistanyň ulag ulgamyna maýa goýmaklyga çagyryldy. Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti öz gezeginde Türkmenistanda bar bolan dürli ulgamlardaky taslamalara gatnaşmaga we iş alyp barmaga uly islegleriniň bardygyny tassyklady.

Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumynyň çäginde duşenbe güni geçirilen duşuşyklaryň dowamynda türkmen wekiliýeti daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Mundan başga-da, duşuşyklaryň dowamynda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanda iş alyp barmaga uly islegleriniň bardygyny tassykladylar.

Şu ýylyň 29-30-njy ýanwary aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň Maýadarlar forumy geçirildi. Bu çäre Ýewropany we Merkezi Aziýany 15 günde hem-de ondan hem az wagtda özara baglanyşdyrýan Hazar üsti ulag geçelgesini multimodal, döwrebap, bäsdeşlige ukyply, durnukly, öňünden çaklap bolýan, tiz hereketli geçelgä öwürmekdäki uzakmöhletleýin maksatlara gönükdirildi.

2022