“Körpeje” gaz çykaryş müdirliginde 2,9 milliard kubmetrden gowrak gaz alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Körpeje” gaz çykaryş müdirliginde 2,9 milliard kubmetrden gowrak gaz alyndy
Gazçy hünärmenleriniň alyp barýan işinden bir pursat

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazçykaryş” trestiniň “Körpeje” gaz çykaryş müdirliginde hereket edýän guýulardan 2023-nji ýylda 2 milliard 904 million kubmetrden gowrak mawy ýangyç alyndy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar bermegine görä, müdirligiň hünärmenleri 2023-nji ýylda göz öňünde tutulan meýilnamany 104,4 göterim ýerine ýetirdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, meýilnamadan artyk çykarylan mawy ýangyjyň möçberi 112 million kub metrden hem gowrak boldy.

Bu müdirlik günbatar Türkmenistanyň çäklerindäki Körpeje, Çekişler, Altyguýy ýaly ýataklarda hereket edýän guýulardan mawy ýangyjy çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak işini ýola goýýar.

Körpejeli hünärmenler geçen ýyl guýulardan alynýan gaz kondensatynyň hasabyna nebit çig malynyň 55 müň 342 tonnasyny taýýarlamagy başardylar.

 

2022