BOTAŞ türkmen gazynyň türk bazaryna eksport edilmegine ýardam bermäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
BOTAŞ türkmen gazynyň türk bazaryna eksport edilmegine ýardam bermäge taýýar
Türkmen wekiliýetiniň BOTAŞ kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygy, 2024-nji ýylyň 29-njy ýanwary, Ankara, Türkiýe. (Surat: BOTAŞ)

Türkiýäniň döwlet kompaniýasy BOTAŞ 2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Ankara şäherinde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň wekillerinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda türkmen gazynyň türk bazaryna eksport edilmegine goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Türkiýäniň BOTAŞ kompaniýasynyň sişenbe güni habar bermegine görä, duşuşyk türkmen gazyny Türkiýä ugratmak meselelerini, şeýle hem gysga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen guraldy.

Şeýle hem BOTAŞ kompaniýasynyň başlygy we Baş müdiri Abdulwahit Fidan Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew we “Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň başlyklarynyň orunbasarlary bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda BOTAŞ kompaniýasynyň Baş müdiri türkmen gazynyň türk bazaryna eksport edilmegine doly goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi we türkmen gazynyň türk hem-de dünýä bazarlaryna elýeterliligini üpjün etmek üçin taraplaryň arasynda yzygiderli aragatnaşyk saklamagyň möhümdigini aýtdy.

BOTAŞ Türkiýäniň döwlet nebitgaz kompaniýasy bolup, ol Türkiýede we daşary ýurtlarda nebit-gaz söwdasy we ony daşamak işi bilen meşgullanýar.

2022