“Gözel türkmen” idedýän mallaryndan aýda 12 tonnadan gowrak süýt alýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gözel türkmen” idedýän mallaryndan aýda 12 tonnadan gowrak süýt alýar
Mallardan awtomatiki usulda süýt alynýar. (Surat: "MIR24")

“Gözel türkmen” hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumynda idedilýän mallardan her aý jemi 12 tonnadan gowrak ekologiýa taýdan arassa süýt alynýar. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kompaniýanyň maldarçylyk toplumy Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde döwlet tarapyndan bölünip berlen ýeriň bir böleginde ýerleşýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhananyň maldarçylyk toplumynda süýt berijiligi ýokary bolan iri şahly gara mallaryň 150-ä golaý baş sany idedilýär.

Bu ýerdäki iri şahly gara mallardan alynýan süýt täzeligine şertnamalar esasynda ýerli telekeçilere ugradylýar. Hususy pudagyň wekilleri bu süýdi konditer hem-de süýt önümleriniň önümçiliginde giňden peýdalanýarlar.

Mundan başga-da, hojalyk jemgyýetine ekerançylyk maksady bilen döwlet tarapyndan 200 gektar ýer bölegi bölünip berlip, ol ýerde ýylyň-ýylyna dürli görnüşli ot-iýmlik ösümlikleri ösdürilip ýetişdirilýär.

2022