Türkmenistan tokaýlary dikeltmek, agaçlary köpeltmek boýunça düzgünleri we kadalary tassyklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan tokaýlary dikeltmek, agaçlary köpeltmek boýunça düzgünleri we kadalary tassyklady
Türkmenistanda äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy, 2022-nji yylyn 4-nji noyabry.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi ýurtda tokaýlary dikeltmek we agaçlary köpeltmek boýunça geçirilmeli işleriň täze Düzgünlerini we Kadalaryny tassyklady. Täze Düzgünnama boýunça buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda köpçülige ýaýradyldy.

Täze Düzgünnama Türkmenistanyň dürli sebitleriniň howa şertlerini hasaba almak bilen agaçlary oturtmagyň aýratyn usullaryny we ýörelgelerini kesgitleýär.Şeýle-de ol tokaý hojalygy pudagynda ulanylýan esasy adalgalary kesgitleýär.

Tokaýlary dikeltmegiň baş maksady ilki bilen tokaýlaryň çapylyp ýok edilmeginiň, tokaý ýangynlarynyň öňüni almakdan we ozal bar bolan tokaý zolaklaryny öz wagtynda gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr.

Beýleki maksatlar tokaýlaryň tohumçylyk düzümini gowulandyrmagy we ýerleriň rejeli peýdalanylmagyny öz içine alýar. Şeýle hem düzgünnama tokaýy dikeltmek we agaçy köpeltmek boýunça işiň netijeliligine baha bermegiň kadalaryny kesgitleýär. Suwarymly ýerlerde agaç nahallarynyň 75 göterimden gowragy, dag we dag  eteklerinde 45 göterimden gowragy düýp tutan bolsa, agaç ekmek işi üstünlikli ýerine ýetirildi diýlip hasaplanylýar.

Degişli resminama “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy bilen ylalaşyldy hem-de şu ýylyň 26-njy ýanwarynda tassyklanyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022