Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandara Malaýziýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany hatynda Türkmenistanyň Malaýziýa bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belläp, ony mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandara berk jan saglyk, bagtyýarlyk, asylly başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Malaziýanyň milli “Bernama” agentliginiň habar bermegine görä, Malaziýanyň Patyşasynyň ygtyýarlyk möhleti tamamlanandan soň ýygnanan Hökümdarlar konferensiýasy öz aralarynda kabul eden karary bilen Malaziýanyň täze Patyşasyny saýlaýarlar. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda ýurduň Hökümdarlar konferensiýasy Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandary ýurduň täze Patyşasy hökmünde saýladylar.