Türkmenistan 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy Gyrgyzystana muzdsuz iberer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy Gyrgyzystana muzdsuz iberer
Bişkek şäheriniň Birleşdirilen ýylylyk we elektrik stansiýasy, Gyrgyzystan.

Türkmenistan ynsanperwerlik kömegi hökmünde 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy Gyrgyzystana muzdsuz iberer.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Gyrgyzystanyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp dostlukly döwlete suwuklandyrylan gaz ibermek boýunça degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyzystana muzdsuz iberer.

Türkmenistan Gyrgyzystana ynsanperwerlik kömegini 2024-nji ýylyň fewral aýynda ugradar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022