Fewral I hepde: TDHÇMB-da eksport söwdalary $31,5 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Fewral I hepde: TDHÇMB-da eksport söwdalary $31,5 milliona golaýlady
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 31 million 340 müň ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, jins matasy hem-de jins önümleri ýerlenildi.

Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, float aýnasyny, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 12 million 938 müň manatdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022