Türkmenistanyň Prezidenti Ilham Aliýewi Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňişi bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Ilham Aliýewi Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňişi bilen gutlady
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýurduň Prezident saýlawlarynda, 2024-nji ýylyň 7-nji fewraly, Hankendi, Azerbaýjan. (Surat: Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe ýurduň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

“Ses berlişigiň netijeleri azerbaýjan halkynyň Siziň döwlet gurluşyny berkitmäge, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen ýoluňyza uly ynamynyň we goldawynyň nyşany bolup durýar. Bu möhüm wakanyň Azerbaýjanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belledi.

“Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellemek guwandyryjydyr we onuň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna uly ynam bildirýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Siziň hut özüňiziň berýän ünsüňiz, uly goldawyňyz üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet Baştutany wezipesinde üstünlikleri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugynyň habaryna görä, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe ýurduň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. 

Azerbaýjan döwlet maglumat gullugynyň habar bermegine görä, Azerbaýjanyň Prezident saýlawlarynda Ilham Aliýew saýlawçylaryň 4 million 281 müň 625 sesini gazanyp, 92,05 göterim bilen ýurduň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazandy.

2022