“Dragon Oil” günde 20 müň barrel türkmen nebitini çykarmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Dragon Oil” günde 20 müň barrel türkmen nebitini çykarmagy meýilleşdirýär
“Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen “Dragon Oil” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al-Jarwanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 5-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan.

Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän 19-njy blokdaky nebit-gaz guýusynda ylmy-barlag işleri geçirilenden soň, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) “Dragon Oil” kompaniýasy günde 20 müň barrel nebit çykarmak maksady bilen käni synagdan geçirmek tapgyryna başlamakçy diýip, kompaniýanyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al-Jarwan “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen duşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda mälim etdi. Bu barada BAE-niň WAM agentligi çarşenbe güni habar berdi.

“Gözlegiň birinji tapgyry umumy meýdany 3800 inedördül kilometre barabar bolan 19-njy blokdaky nebit-gaz guýusynda uglewodorod gözlegini geçirmegi öz içine alýar. Başlangyç maglumatlar baý geologiki baýlyklary bolan sebitde köp mukdarda uglewodorodlaryň bardygyny görkezýär” diýip, “Dragon Oil” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al-Jarwan belledi.

Şeýle hem Ali Raşid Al-Jarwan uglewodorodyň köpligi baradaky başlangyç gözlegleriň oňyn netijeleri bolan halatynda, bu ugur üçin giňişleýin ösüş meýilnamasynyň düzüljekdigini aýtdy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda “Türkmennebit” döwlet konserni we “Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd” kompaniýasy özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Oňa laýyklykda, Dubaýyň “Dragon Oil” nebit kompaniýasy Çelekeniň golaýyndaky geljegi uly üç uglewodorod ýatagynda gözleg işlerine girişer.

“Dragon Oil” Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda Türkmenistan bilen 2000-nji ýyldan bäri nebit hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Hazar deňzinde, hususan-da, Çeleken şertnama zolagynda uglewodorod serişdelerini gazyp almak kompaniýanyň alyp barýan esasy iş ugrudyr.

2022