Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) amala aşyrýan gulluk iş saparynyň dowamynda BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl bin Muhammed Al Mazrui bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar tebigy gaz, elektrik energiýasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we ulag-logistika boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-niň duşenbe güni habar bermegine görä, taraplar söwda-ykdysady ugurda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini bellediler we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek isleýändiklerini mälim etdiler.
Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministri BAE-niň wise-prezidenti, premýer-ministriniň orunbasary, Prezident kazyýetiniň başlygy Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň ýekşenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý we Abu-Dabi şäherlerinde gulluk iş saparynda bolmagy barada Buýruga gol çekdi.
Bu resminama Arkadag şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş ulgamlarynda täzeçil çemeleşmeleri bu şähere ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen kabul edildi.