Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ilkinji aýynda jemi öndürilen önümiň 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,2 göterim köpelendigini habar berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ilkinji aýynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberiniň 10,6 göterim ýokarlanandygyny aýtdy.
Hasabata görä, ýurduň Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,8 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem Hojamyrat Geldimyradow geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 24,6 göterim ýokarlandygy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň milli ykdysadyýetiniň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.