Türkmenistan Pariždäki forumda nebitgaz pudagyndaky maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Pariždäki forumda nebitgaz pudagyndaky maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023" atly halkara maslahaty, 2023-nji ýylyň 25-27-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Fransiýanyň Pariž şäheriniň “Hyatt Regency Etoile” myhmanhanasynda şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2024) geçiriler.

Forum “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we “GaffneyCline” britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar. Bu barada forumyň guramaçylary habar berýär.

Dünýäde iň iri ýataklaryň biri bolan “Galkynyş” gaz ýatagyna eýelik edýän, Gün we ýel energetikasyny ösdürmek üçin amatly şertleri bolan Türkmenistan energetikanyň täze görnüşlerine ählumumy geçiş hereketine işjeň uýgunlaşýar. Pariž şäherinde geçiriljek forumda Türkmenistan energiýa serişdeleriniň mümkinçilikleri bilen daşary ýurtly maýadarlary tanyşdyrar.

“TEIF 2024” forumy Hazar deňzindäki uglewodorod baýlyklaryny özleşdirmek üçin daşary ýurt maýalaryny çekmegä, geljegi uly ýataklarda gazyp alyş işlerini utgaşdyrmaga, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmäge, TOPH gaz geçirijisini we täze gaz önümçilikleri gurmaga ünsi çeker. Metan zyňyndylaryny azaltmak meselelerine ýörite mejlis bagyşlanar. Gatnaşyjylar şeýle-de Türkmenistanyň gurluşyk we ulag toplumlaryndaky mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

“TEIF 2024” forumynda öňdebaryjy kompaniýalaryň we maliýe düzümleriň gatnaşmagynda geljegiň ählumumy energetikasynda Türkmenistanyň eýeleýän orny, nebitgaz toplumynda täze açylýan maýa goýum mümkinçilikleri, uglewodorod serişdeleri gazylyp alnanda zyňyndylary azaltmak, düzümleýin taslamalara maýa goýumlary çekmek işini çaltlandyrmak meseleleri, arassa energetika pudagynda taslamalary ilerletmekde maliýe institutlaryň orny maslahatlaşylar.

Foruma gatnaşjak wekiliýetleriň sanawy “CNPC”, “BP”, “Exxon Mobil”, “Petronas”, “ADNOC”, “Mitro International”, “Buried Hill”, “NAPECO”, “Dragon Oil”, “ENI”, “Lukoýl” ýaly öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň; Halkara energetika agentligi (MEA), Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA), Ählumumy gaz merkezi (GGC), Gazy eksport ediji döwletleriň maslahaty, Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEK), Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty ýaly halkara guramalaryň; BMG, ÝHHG, Bütindünýä Banky, Aziýa Ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky ýaly köp sanly halkara guramalaryň hem-de maliýe edaralarynyň wekillerini öz içine alýar.

Mümkinçiligi uly bolan maýadarlarlaryň Türkmenistanyň energetika, gurluşyk we ulag-kommunikasiýa toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşyklary olaryň habarlylygyny ýokarlandyrar we olara täze maýa goýum taslamalary barada doly hem-de anyk maglumatlary hödürlär.

Goşmaça maglumaty halkara çäräniň www.ogt-turkmenistan.com domenli resmi web-sahypasyndan ýa-da info@turkmen-forum.com elektron poçta salgysyna ýazmak arkaly alyp bilersiňiz.

2022