"Türkmendemirýollary” agentliginiň hünärmenleri Fransiýanyň “Arterail” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baştutany Žerom Garsýanyň ýolbaşçylygyndaky hünärmenler bilen penşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin “Arterail” kompaniýasynyň wekiliýetini Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň anna güni habar bermegine görä, türkmen demirýolçulary ýurduň demirýol infrastruktura taslamalary, demirýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri bilen fransuz hünärmenlerini tanyşdyrdylar.
Fransiýaly hünärmenleri öz gezeginde Türkmenistanyň demirýol ulaglary edarasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändiklerini we bar bolan taslamalara gatnaşyp, ýurduň ykdysadyýetine öz saldamly goşantlaryny goşmagy maksat edinýändiklerini beýan etdiler.
“Türkmendemirýollary” agentliginiň hünärmenleri demirýol ulaglary pudagynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ýola goýmak bilen baglylykda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek üçin resminamanyň taslamasyny taýýarlap, bellenen tertipde ylalaşmak üçin diplomatik ýollar arkaly iberilmegi teklip etdiler.
Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçisi we onuň işgärleri gatnaşdylar.