Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Owganystanyň “TOLOnews” agentligi ýekşenbe güni habar berdi.
Owganystanyň Magdan we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, Owganystanyň demirýol gullugynyň we “De Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) kompaniýasynyň wekilleri owgan wekiliýetiniň düzümine girdi.
Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretarynyň orunbasary saparyň dowamynda diplomatiýa, işewürlik we ykdysadyýet, şeýle hem Owganystana maýa goýumlaryny çekmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Şeýle-de Owganystanyň hökümetiniň metbugat sekretary Zabiulla Mujahid saparyň barşynda bilelikdäki taslamalar, işewürlik mümkinçilikleri we maýa goýumlary bilen baglanyşykly meseleleriň hem üns merkezinde boljakdygyny belläp geçdi.
Geçen ýyl Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 481 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Owganystan Türkmenistandan, esasan hem elektrik energiýa, gaz we nebit, şeýle hem mermer, guradylan miweleri we alkogolsyz içgileri import etdi.