Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy (TSSE) Türki döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine doly hukukly agza hökmünde kabul edildi.
Türkmenistanyň DIM-niň duşenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Türki döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine agza hökmünde goşulmagy baradaky meselä birleşigiň Baş assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 6-njy martynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdan daşary mejlisinde garaldy.
Türki döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň birleşigi 2019-njy ýylda döredilip, ol Türki döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly halkara meýdança bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda birleşigiň düzümine Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe doly hukukly agza hökmünde girýärler. Wengriýa, Demirgazyk Kipr bolsa gurama synçy hökmünde gatnaşýarlar.