Eýranyň Prezidenti sapar bilen Aşgabada geler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň Prezidenti sapar bilen Aşgabada geler
Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan metbugat ýygnagynda çykyş edýär, 2024-nji ýylyň 28-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan. (Surat: “Nournews”)

Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan Türkmenistana amala aşyran saparynyň ahyrynda penşenbe güni geçiren metbugat ýygnagynda Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň ýakyn wagtda Aşgabat şäherine boljak saparyna taýýarlyk görülýändigini mälim etdi. Bu barada “Nournews” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Hosein Amir Abdollahiýan Aşgabada saparynyň dowamynda gazanylan üstünlikler barada aýtmak bilen ýakyn birnäçe hepdäniň dowamynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň möçberiniň ep-esli ýokarlanandygyna şaýatlyk ediljekdigini aýtdy.

Şeýle hem diplomat taraplaryň Tähran şäherinde geçiren duşuşykda iki ýurduň döwlet Baştutanlary tarapyndan ylalaşylan şertnamalar boýunça gazanylan üstünlikleri gözden geçirendikleri barada habar berdi.

Eýranyň daşary işler ministriniň aýtmagyna görä, duşuşyklaryň dowamynda taraplar energiýa, üstaşyr geçelgeler, ulag, ylym we tehnologiýa ýaly dürli ugurlardaky özara hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, Hosein Amir Abdollahiýan Türkmenistan bilen Eýranyň häzirki wagtda elektrik energiýa we gaz pudagynda hyzmatdaşlyk edip gelýändigini aýtdy we geljekde hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändiklerini nygtady.

Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan Aşgabat şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyklary geçirdi.

2022