2023: Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda $120 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
2023: Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda $120 milliona golaýlady
Ýük ulaglary awtoulag ýollundan barýarlar.

Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň jemleri boýunça 118,36 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada “Biznes reklama” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň çäginde Täjigistan Türkmenistandan nebit, pagta ýagy, sement ýaly dürli önümleri we harytlary satyn alýar. Türkmenistan hem öz gezeginde Täjigistandan alýumin we oba hojalyk önümlerini import edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-5-nji aprelinde Duşenbe şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen-täjik işewürlik maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Täjigistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Täjigistanyň işewür toparlarynyň arasynda bäş sany ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji aprelde Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen geçiren duşuşygynda haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyny we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, şol sanda ony hususy kompaniýalaryň, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etmek arkaly üpjün etmek maksady bilen, ylalaşykly işleri amala aşyrmagy teklip etdi.

Şeýle hem duşuşykda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen iki döwletiň paýtagtlarynda söwda öýlerini açmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek babatda netijeli ädimleri ätmegiň zerurdygy aýdyldy.

2022