Türkmenistan bilen Täjigistanyň işewürleriniň arasynda bäş sany ylalaşyga gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Täjigistanyň işewürleriniň arasynda bäş sany ylalaşyga gol çekildi
Telekeçi Rahym Begjanow “Ýokut 2000” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çekýär, 2024-nji ýylyň 4-nji apreli, Duşenbe, Täjigistan. (Surat: Täjigistanyň Söwda-senagat edarasy)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Duşenbe şäherine amala aşyrýan iki günlük saparynyň çäklerinde penşenbe güni türkmen-täjik işewürlik maslahaty geçirildi. Oňuň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Täjigistanyň işewür toparlarynyň arasynda bäş sany ylalaşyga gol çekildi.

“Howar” agentliginiň Täjigistanyň Söwda-senagat edarasyna salgylanyp anna güni berýän habaryna görä, “Polat dokma we söwda” hususy kärhanasy "Kolinkhoi Duşanbe" jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet bilen, telekeçi Meret Meredow “Nuri Idris” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet bilen, “Täjir ýoly” hususy kärhanasy telekeçi Şuhrat Nazarow bilen, “Hasar” hojalyk jemgyýeti “Faýzi hurşed” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet bilen, şeýle hem telekeçi Rahym Begjanow “Ýokut 2000” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çekdiler.

Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Täjigistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, türkmen-täjik işewürlik maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, netijeli işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri nygtaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagynyň geljegi, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada hem gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.

Maslahatyň barşynda dürli pudaklarda, şol sanda senagat toplumy, ýangyç-energetika pudagy, oba hojalygy, ulag we logistika, maýa goýum işi boýunça türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň ýanyndaky Ýazuw mirasy merkezinde iki ýurduň ylym we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik guraldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022