Türkmenistanyň däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag institutlarynyň bilelikdäki barlaghana binasy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag institutlarynyň bilelikdäki barlaghana binasy gurlar
Barlaghanada däneleriň barlanýan pursady

Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag institutlarynyň bilelikdäki barlaghana binasy gurlar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi barlaghana enjamlaryny, gurallaryny, abzallaryny satyn almak, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk ylmy-barlag institutlarynyň bilelikdäki barlaghana binasynyň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu bäsleşik “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde penşenbe güni çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin oňa gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesinde agzalygy baradaky maglumatlary görkezilen arza tabşyrylmaly.

Şeýle hem tendre gatnaşyjy “Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrligi üçin himiki serişdeler bilen üpjün edijileri, potratçylary saýlamak boýunça tender geçirmegiň düzgünleri” bilen tanyş bolmaly we her lot üçin tender tölegi tölenenden soň, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň başyna “Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda” Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda ministrligiň Ylmy-barlag däneçilik institutyny, Ylmy-barlag ekerançylyk institutyny, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutyny bellenen tertipde döretmek, şeýle hem şu ylmy-barlag institutlarynyň Tertipnamalaryny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

2022