TDHÇMB-da anna güni eksport geleşikleri $10 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da anna güni eksport geleşikleri $10 milliona golaýlady
Işçi-hünärmenler uçara awiakerosin guýýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 9 million 947 müň 950 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Şotlandiýanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen TS-1 kysymly awiakerosini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 600 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Owganystanyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 611 müň 750 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler umumy bahasy 1 million 205 müň ABŞ dollaryna deň bolan SN-350 kysymly başlangyç ýagy hem-de jemi bahasy 1 million 531 müň 200 ABŞ dollaryna deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Içerki bazar üçin türkmen telekeçisi umumy bahasy 3 million 599 müň 039,705 manada deň bolan düz aýna satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 20 million 590 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022