Türkmenistan we Özbegistan ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Özbegistan ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 15-nji apreli, Daşkent, Özbegistan

Özbegistanyň Daşkent şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde geçirilen “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” (AADHG + MA) Strategik dialogyň Ikinji Ministrler duşuşygynyň çäginde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Özbegistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň daşary işler ministri türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, hoşniýetli goňşuçylyk we çuňňur strategiki hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösüşini aýratyn kanagatlanma bilen bellediler we şol bir wagtyň özünde özara peýdaly hyzmatdaşlygyň senagat, energiýa, ulag-logistika hem-de oba hojalygy pudagynda dowam edýändigini nygtadylar.

Mundan başga-da, sebitleýin we halkara gün tertibiniň häzirki meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022