Gurbanguly Berdimuhamedowyň “KazanForum 2024” forumyna gatnaşmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedowyň “KazanForum 2024” forumyna gatnaşmagyna garaşylýar
“Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2023” halkara ykdysady forumy, 2023-nji ýylyň 18-20-njy maýy, Kazan, Tatarystan (Surat: realnoevremya.ru)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024” halkara ykdysady forumyna gatnaşmagyna garaşylýar diýip, Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow çäräniň guramaçylyk komitetiniň mejlisinde aýtdy. Bu barada “RIA Nowosti” habarlar agentligi  sişenbe güni habar berdi.

“Ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlardan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň Premýer-ministrleriniň, Kuweýtiň hem-de Liwiýanyň Premýer-ministrleriniň orunbasarlarynyň, Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň, Malaýziýadan, Liwiýadan, Özbegistandan, Owganystandan, Palestinadan, Ugandadan ministrleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär” diýip, Rustam Minnihanow belledi.

Habarda bellenişi ýaly, 80-den gowrak döwlet “KazanForum” halkara çäresine gatnaşjakdygyny tassyklady.

Tatarystanyň paýtagtynda 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024” halkara ykdysady forumy Russiýanyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Şu ýyl bu çäre Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde 14 – 19-njy maý aralygynda geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022