Hytaý $2,4 milliardlyk türkmen gazyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý $2,4 milliardlyk türkmen gazyny import etdi
“CNPC” kompaniýasyndan iş pursaty (Surat: cnpc-amg.kz)

Hytaý şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda umumy bahasy 2,4 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen tebigy gazyny import etdi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär.

Hytaý geçen ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda umumy bahasy 8,82 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen tebigy gazyny import etdi.

Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijiniň dördünji şahasy işe girizilenden soň türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberi ýylda 65 milliard kubmetre çenli artdyrylar diýip, geçen ýylyň aprel aýynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň öňki başlygy Batyr Amanow aýtdy.

 

2022