Türkmenistanda jemi meýdany 430 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda jemi meýdany 430 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlar
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýaşaýyş jaýlaryň açylyň dabarasy, 2022-nji ýylyň 10-njy dekabry, Türkmenistan

Türkmenistanda 2024-nji ýylda umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada “Balkan” gazetinde penşenbe güni çap edilen makalada habar berilýär.

Şeýle hem şu ýyl ýurtda 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Habarda bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýlaryň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygy “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda ýerine ýetiriler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurmak boýynça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

2022