Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasy gurlar

BUSINESS TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasy gurlar
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň edara binasy, Aşgabat, Türkmenistan

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasy düzüler we onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurlar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurmak boýynça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda ulag-kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, pudagyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany aragatnaşyk pudagyna degişli netijeli işleriň alnyp barylmagynyň ýokary hilli hyzmatlary has-da döwrebap ýola goýmaga öz täsirini ýetirjekdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi ýerli we öýjükli telefon aragatnaşygy, internet ulgamy, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlygy, hemra aragatnaşygy, milli tele we radio ýaýlymlaryny ýaýratmak, hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça işleri durmuşa geçirýär.

2022