Türkmenistanda iýul aýynda iki sany ýük gäminiň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda iýul aýynda iki sany ýük gäminiň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär
“Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň “Bitarap” atly gämisi

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AGPJ) bilen Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.” kompaniýasy şu ýylyň iýul aýynda iki sany gury ýük gäminiň gurluşygyna başlamagy göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ bilen Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.” kompaniýasynyň arasynda ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň bolan iki sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatda degişli şertnamalar baglaşylyp, häzirki wagtda täze gämileriň gurluşygyna girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, gämileriň gurluşygynda 300-den gowrak işçi hünärmeniň zähmet çekmegi göz öňünde tutulýar.

Koreýaly hünärmenler tarapyndan ýakynda täze gämileriň gurluşygynda işlejek ýaş işgärler bilen gurluşygy meýilleşdirmek, tilsimatlary ornaşdyrmak, gämi böleklerini işläp taýýarlamak, kebşirlemek, elektrik işleri, hil gözegçiligi boýunça iki aý möhletli ýöriteleşdirilen okuw sapaklary geçirilip başlandy.

Şeýle hem 2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ-niň ýolbaşçylary Koreýa Respublikasynyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022