Türkmenistan we Türkiýe Bilelikdäki gümrük komitetini döretmegi maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Türkiýe Bilelikdäki gümrük komitetini döretmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkiýäniň Gümrük we söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 6-njy maýy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkiýäniň Gümrük we söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda duşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar “Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Türkiýäniň Gümrük we söwda ministrliginiň arasyndaky Bilelikdäki gümrük komitetini döretmek hakynda Teswirnamanyň” taslamataslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýäniň Hökümetiniň arasynda ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesi hakyndaky Ylalaşygyň” taslamasy boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesi hakynda Ylalaşygyň maksady Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda geçirilýän harytlar barada iki döwletiň gümrük edaralarynyň deslapdan maglumat alyşmagyndan ybaratdyr.

Bilelikdäki gümrük komitetini döretmegiň maksady, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda gümrük işi babatynda baglaşylan ikitaraplaýyn şertnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň çäginde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek bolup durýar. 

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen tarapy Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösüşe eýe bolup, ikitaraplaýyn haryt dolanşygynyň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygyny hem-de Türkiýäniň Türkmenistanyň esasy import ediji döwletleriniň biridigini belledi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurduň gümrük ulgamynyň işini düzgünleşdirmek babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, gümrük meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022