Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň geçirilýän pursady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklaýan Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow mejlisiň dowamynda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan “Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berdi. 

Bu resminama biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak, şeýle hem biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurtda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek maksady bilen kabul edildi.

Şeýle hem Nurmuhammet Amannepesow şu ýylyň 12-13-nji iýuny aralygynda ýurduň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçiriljekdigini habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022