Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda iki gatly, 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Wise-premýer Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şeýle hem Baýmyrat Annamämmedow şanly senä bagyşlanan “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Şu ýyl geçiriljek halkara sergä 160-dan gowrak ýerli we daşary ýurtly kompaniýalaryň, kärhanalaryň, hususy telekeçileriň, işewürleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Aşgabat şäheriniň häkimliginiň bilelikde guramagynda her ýyl geçirilýän bu serginiň maksady ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini, gaýtalanmajak gözelligini, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent sepgitlerini giňden açyp görkezmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-25-nji maýda “Ak şäherim Aşgabat” atly ХХIII köpugurly halkara sergini guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak medeni çärelere, açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.