Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 22-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Sergeý Lebedew GDA-nyň çäklerinde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde berýän goldawy üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti geçiriljek duşuşygyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigine, onuň netijeleriniň bolsa köptaraplaýyn özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde ýurduň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherini “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň taslamasyna seredilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, şu resminamanyň kabul edilmeginiň dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

GDA-nyň Baş sekretary, öz gezeginde, Aşgabatda halkara sport çärelerini ýokary derejede guramak üçin ähli zerur infrastrukturanyň bardygyny hem-de ýurdumyzyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini belledi.

Şeýle hem şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

2022