Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýy açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýy açyldy
Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 25-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda şenbe güni iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýy açylyp ulanylmaga berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ýurduň raýatlarynyň halkara ölçeglere kybap gelýän amatlyklar we oňyn şertler bilen üpjün edilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdine laýyklykda, bar bolan ýaşaýyş jaý goruny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, diňe bir ýaşamak üçin oňaýly bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlary däl-de, eýsem, ýokary amatlykly, durmuş şertleri doly üpjün edilen kottej görnüşli az gatly ýaşaýyş jaýlary hem gurulýar.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 4 sany 9 gatly, her biri 36 öýli, 4 sany 9 gatly, her biri 54 öýli, 2 sany 9 gatly, her biri 72 öýli ýaşaýyş jaýlary gurlar.

2022