Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky desgalar bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky desgalar bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşýar, 2024-nji ýylyň 30-njy maýy, Arkadag şäheri, Türkmenistan.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, olaryň özboluşly aýratynlyklary, gurulmagy teklip edilýän desgalar barada hasabat berdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň daşky bezeg işlerine, “Saglyk” seýilgähine degişli taslamalar, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekiller, täze şäheriň Akhan we Polatly binalarynyň arasyndaky köçäni abatlamak bilen bagly meýilleşdirilen işler, Aşgabat — Gökdepe ýoluny aýlanyp geçmek boýunça teklip edilýän ýer bölekleriniň çyzgylary, ýol-ulag düzümine degişli binalaryň we desgalaryň bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäherinde gurulýan muzeýiň meýdançalara bölüniş çyzgylary, lukmançylyk klasteriniň meýdançalarynyň ýerleşiş çyzgylary bar.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çäginde bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, muzeýiň bezeg işlerine zerur üns berilmelidigini, her bir desganyň bezeg aýratynlyklarynyň onuň ähmiýetine laýyk gelmelidigini, “Akylly” şäherde ähli işleriň dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyrylmalydygyny we önümçilik toplumlarynyň işine sanly ulgamyň we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň netijeli ornaşdyrylmalydygyny aýtdy.

Soňra bu ýerde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi türkmen halkynyň Milli Liderine şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda täze şäherde halyçylyk kärhanasyny gurmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu teklibiň oňyn başlangyçdygyny aýdyp, ony Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýetirjekdigini we ýurduň döwlet Baştutanynyň makullan halatynda, bu ýerde haly kärhanasynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işleri bilen tanyşmak üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine bardy.

2022