Türkmenistanyň gümrük edaralarynda harytlaryň deslapky elektron maglumatlaryny bermek mümkinçiligi döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň gümrük edaralarynda harytlaryň deslapky elektron maglumatlaryny bermek mümkinçiligi döredildi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň alyp barýan işinden bir pursat

Türkmenistanyň gümrük edaralarynda 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, daşaýjylar ýa-da başga dahylly şahslar tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň penşenbe güni habar bermegine görä, deslapky maglumatlary gümrük edaralaryna “ASYCUDA World” gümrük maglumat ulgamynyň we “1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky MDP depderçesini ulanmak bilen Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky” Gümrük konwensiýasyna laýyklykda, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) TIR-EPD maglumat ulgamynyň üsti bilen elektron görnüşinde türkmen, rus we iňlis dillerinde berip bolýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi, şol sanda üstaşyr geçirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada elektron görnüşde berilýän deslapky maglumatlar gümrük edaralary tarapyndan gümrük taýdan resmileşdirmegi çaltlandyrmak arkaly daşary söwda işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurduň gümrük ulgamynyň işini düzgünleşdirmek babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, gümrük meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.

2022