Türkmenistan hytaý kompaniýalary bilen demirýol maýa goýum taslamalarynda gepleşiklere taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan hytaý kompaniýalary bilen demirýol maýa goýum taslamalarynda gepleşiklere taýýar
“Türkmendemirýollary” agentliginiň we “Hytaý demirýollary” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 12-nji iýuny

Türkmenistan hytaý kompaniýalary bilen demirýol maýa goýum taslamalary boýunça gepleşikleri geçirmek mümkinçiligine garamaga taýýar.

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň habar bermegine görä, bu barada çarşenbe güni “Türkmendemirýollary” agentliginiň we “Hytaý demirýollary” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda aýdyldy.

Şeýle hem Türkmenistan duşuşygyň dowamynda birnäçe demirýol ulaglaryny satyn almak, konteýnerli ýük daşalyşyň mukdaryny ýokarlandyrmak we iki ýurduň milli logistika operatorlarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, iki ýurduň demirýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, hyzmat merkezlerini döretmek, hünärmenleri taýýarlamak we bu pudakda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny taýýarlamak meselelerine garadylar.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow we “Hytaý demirýollary” döwlet korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Lýu Ženfan gol çekdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022