“Türkmeniň rysgaly” pagta süýüminden nah ýüplüginiň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmeniň rysgaly” pagta süýüminden nah ýüplüginiň önümçiligini ýola goýdy
Türkmenistanyň dokma toplumyna degişli kärhanada işleriň alnyp barylýan pursady

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýerleşýän “Türkmeniň rysgaly” hususy kärhanasy täze görnüşli önümiň, ýagny pagta süýüminden nah ýüplüginiň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, pagta süýüminden nah ýüplügi dokma pudagynda matalary dokamak üçin oňat çig mal bolup durýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhanada Hytaý Halk Respublikasynyň kämil dokma enjamlary ornaşdyrylyp, bu enjamlar dürli görnüşli önümleri öndürmäge, olaryň hil derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Häzirki wagtda kärhanada 60-a golaý hünärmen zähmet çekýär we bu ýerde “Ak bulut” haryt nyşany bilen öý hojalygynda giňden ulanylýan önümçilik alnyp barylýar.

Şeýle hem ekologiýa taýdan arassa pagtadan alynýan nah ýüplügini daşarky bazara çykarmak boýunça kärhananyň hünärmenleri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022