Russiýa ýurduň birnäçe şäherlerinden Türkmenistana howa gatnawlaryny açmagy teklip etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa ýurduň birnäçe şäherlerinden Türkmenistana howa gatnawlaryny açmagy teklip etdi
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary

Russiýa Federasiýasy ýurduň Sankt-Peterburg, Ýekaterinburg, Astrahan we Nowosibirsk şäherlerinden Türkmenistana howa gatnawlaryny ýola goýmagy teklip etdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, Iwan Wolynkin howa we deňiz ulaglary arkaly Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ýolagçy gatnawlarynyň sanyny artdyrmak boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

“Rus tarapy Sankt-Peterburgdan, Ýekaterinburgdan, Astrahandan we Nowosibirskden howa gatnawlaryny açmak, şeýle hem Hazar deňzi boýunça gämi gatnawyny ýola goýmak baradaky teklipleri öňe sürdi. Munuň medeni, taryhy, lukmançylyk we şypahana syýahatçylygynyň ösmegi üçin möhüm şertleri döretjekdigine ynanýaryn” diýip, ilçi belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistandan Russiýa “Türkmenistan” awiakompaniýasy we S7 awiakompaniýasy tarapyndan uçuşlar amala aşyrylýar. Uçuşlar Russiýanyň Moskwa şäherine ýerine ýetirilýär.

2022