“Balkansement” zawody sarp edijilere 312 müň tonna golaý sement iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Balkansement” zawody sarp edijilere 312 müň tonna golaý sement iberdi
Türkmenistanyň sement zawodynda alnyp barylýan işlerden bir pursat

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Balkansement” zawody tarapyndan 2024-nji ýylyň bäş aýynda welaýatyň we ýurduň çägindäki sarp edijilere buýurmalar esasynda 311 müň 400 tonnadan gowrak ýokary hilli sement iberildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, kärhananyň karýer hojalygyndan başlap, çig maly owradyjy, üweýji, bişiriji bölümlerinde, şol sanda sement degirmenlerinde üznüksiz işleriň ähli tapgyrlary awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar.

Sement öndürmek we gurluşyk senagatyny ösdürmek üçin zerur bolan çig mallar "Balkansement” zawodynyň golaýynda ýerleşýän dag-magdan käninden gazylyp alynýar.

Taslama kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply bolan “Balkansement” zawody 2011-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda ulanyşa berildi we ol Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesiniň çäginde ýerleşýär.

2022