Türkmen alymlary derini ýaşardýan laktoza gelini döretmegiň tehnologiýasyna patent aldylar

BT
Türkmen alymlary derini ýaşardýan laktoza gelini döretmegiň tehnologiýasyna patent aldylar
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda barlag işleri geçirilýär, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýalar bölümi ýaşyň ulalmagy bilen bagly deride döreýän üýtgeşmeleri düzetmäge niýetlenen laktoza gelini almagyň tehnologiýasyny işläp taýýarlamaga awtorlyk hukugyny aldy. Täze işläp taýýarlama Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan berlen şahadatnama bilen resmi tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Dermatologiýany we kosmetologiýany öz içine alýan täze usul derini ýaşardýan täsiri bolan geli döretmäge gönükdirilendir. Ol derä toplumlaýyn täsir edip, onuň çyglylyk we belok deňagramlylygyny gowulandyrýar we bioösüşini şertlendirýär. Beloklar, laktoza, witaminler we minerallar ýaly möhüm elementleri özünde saklaýan kesilen süýt täze işläp taýýarlama üçin esas bolup hyzmat edýär.

Gaýtadan işlenilýän süýdüň  umumy möçberiniň 90 göterimini tutýan kesilen süýt ultrafonoforeziň kömegi bilen deriniň ýüzüne çalynýar. Munuň özi işjeň elementleriň deriniň gorag gatlagy bolan epidermise çuň aralaşmaklaryna mümkinçilik berip, öýjükleriň iýmitlenmegini we çyglylandyrylmagyny üpjün edýär. Özboluşly gurluşy bilen tapawutlanýan laktoza azyk, iým we derman senagatynda hem giňden ulanylýar.

Biotehnologiýalar bölüminiň müdiri Altyn Rahmanowanyň belleýşi ýaly, bu tehnologiýanyň galyndysyz önümçilik ýörelgelerine esaslanmagy ekologik ýitgini iň pes derejä ýetirmäge we çig maldan peýdaly maddalary mümkin bolan derejede almaga şert döredýär.

2022