Türkmenistanda ýod öndürilişi artýar

TSTB
Türkmenistanda ýod öndürilişi artýar
Türkmenistanda ýod önümçiliginden bir pursat

Türkmenistanda ýod öndürilişi artýar. Himiýa geologlarynyň çaklamalaryna görä, Monjukly, Ekerem, Çeleken, Guýular we Boýadag ýataklarynda ýod-brom bilen baýlaşdyrylan thermal suwlaryň baý çeşmeleri bar.
“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berilişi ýaly, bir wagtlar Boýadag wulkan bolupdyr, soňra sönüpdir, ýöne termal suwlar häzire çenli önümçilik maksatlary üçin ulanylýar.

Boýadag ýatagynda ýod öndürmek üçin himiýa çig malyny ýygnamak we daşamak üçin ýörite niýetlenen önümçilik sehleri hereket edýär. Boýadag ýatagynyň işlenip düzülmegi we senagat özleşdirilmegi geçen asyryň ikinji ýarymynda başlandy. Onuň çig maly häzirki wagtda hem Balkanabat ýod zawodynda gaýtadan işlenýär.

Bu - "Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň iň gadymy kärhanalarynyň biri bolup, onuň önümleri ýokary ekologiýa we halkara standartlaryna laýyk gelýän hil bilen tapawutlanýar.

Şonuň üçin hem bu kärhana daşary bazarda bäsdeşlige ukyply we girdejili bolup durýar. 1998-nji ýylda ýokary hilli önümi üçin zawod "Platina ýyldyzy" Halkara baýragyna mynasyp boldy, 2000-nji ýylda bolsa Madridde Halkara hil baýragyna eýe boldy.

Ýod - eksporta gönükdirilen hem-de importyň ornuny tutýan önümdir. Bu himiýa elementi köp funksiýaly bolup, azyk we derman senagaynda, reňkli metallurgiýada, reňkli boýaglaryň, sintetik kauçugyň, garyşyk iýmleriň öndürilişinde giňden ulanylýar. Şuňa baglylykda, himiýa önümleriniň göwrümini artdyrmak, çeşitlerini giňeltmek zerurlygy ýüze çykdy.

Şu maksat bilen, garaşsyzlyk ýyllarynda Bereket etrabynda ýerli tebigy çig mal serişdelerine esaslanýan isleg bildirilen ýoduň öndürilişi boýunça täze kuwwatlar işe girizildi. Bu babatda şol etrapda ýerleşýän Guýular we Çalja ýataklary möhüm orna eýe boldy, olaryň çig maly ýod galamlarynyň we beýleki derman görnüşleriniň, himiýa önümleriniň öndürilişinde ulanylýar.

Önümçilik maksatlary üçin ýerli çig malyň ulanylmagy we ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen onuň çuňňur gaýtadan işlenmegi öz gezeginde öndürilýän önümleriň özüne düşýän gymmatyny ep-esli peseldýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 

2022