Aşgabat şäherinde çagalar sungat mekdebiniň täze binasy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat şäherinde çagalar sungat mekdebiniň täze binasy gurlar
Aşgabat şäheriniň 4-nji Çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary çykyş edýärler, 2020-nji ýylyň 20-nji maýy, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabat şäherinde çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaý toplumlarynyň sanynyň has-da artýandygyny hem-de paýtagtyň ýaşaýjylarynyň isleglerini nazarda tutup, çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak teklip edilýändigini habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu desgany “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çagalar sungat mekdebiniň täze binasyny gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

2022